Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti çäreleriň jemini jemlär

  • 19.07.2021 15:17
  • 4k+

6-njy awgustda Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini, Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suw çüwdürimli seýilgähde Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer M.Mämmedowanyň belleýşi ýaly, halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde, medeni maksatnamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Artistleriň çykyşlarynda Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň abadançylygy we ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösüşi öz beýanyny tapar.


09.08.2025 15:32
5.7k+

Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti boldy

8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy...

02.08.2025 19:02
12k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler

5-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, şu günler bu festiwala gatnaşjak aşpezler dost-doganlyk ýurtlardan Awaza gelip başladylar...

24.07.2025 19:16
17k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin "Awaza" goşmaça howa gatnawlaryny ýola goýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 17–26-njy awgusty aralygynda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çagalaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, goşmaça howa gatnawlary amala aşyrar...

14.07.2025 11:52
9.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi

13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi...