Çybyn çakmagyndan 100% goraýan mata döredildi

  • 18.07.2021 10:15
  • 20k+

Internet ulgamynda amerikan alymlarynyň täze oýlap tapyşy baradaky maglumatlar peýda boldy. Onuň kömegi bilen çybyn çakmagyndan 100% goranyp bolýar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Bu ýerde gürrüň Demirgazyk Karolina Döwlet Uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan materiallary dizaýn etmek üçin niýetlenen hasaplaýyş modeli arkaly işlenip taýýarlanan mata hakynda barýar. Ýagny, hünärmenler çybynyň kellesiniň, murtjagazlarynyň we agzynyň ululygyny öwrenip, bu maglumatlary dykyzlygy sebäpli çybynyň çakmagyndan gorap bilýän ýörite dokma materialyny döretmek üçin ulandylar diýip, MDPI ýazýar.
Hünärmenler birnäçe tapgyrda synag geçirip, çybynlaryň matanyň üstünden çakmasynyň sanyny nola çenli azaltmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, ilkinji synanyşyklaryň arasynda şowsuz geçenleri-de boldy. Bu ýagdaý matanyň süýnmegi bilen baglanyşykly bolup biler diýip, alymlar çaklaýarlar.


düýn 15:04
986

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

11.05.2026 20:26
844

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

11.05.2026 15:47
1.4k+

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

11.05.2026 07:31
2.6k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....