«Petro Gas LLP» kompaniýasy Türkmenistanda gämi duralgasyny gurar

  • 17.07.2021 12:20
  • 9.3k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen şertnamany gämi duralgasyny 30 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip, tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda gol çeken resminamasy esasynda guruljak bu desga “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, şeýle hem nebit önümlerini daşary ýurt bazarlaryna bökdençsiz ibermegi üpjün etmäge ýardam berer.


şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....