Saud Arabystanynda haj parzyny berjaý etmeklik başlanýar

  • 17.07.2021 11:50
  • 14k+

Şu gün, 17-nji iýulda Saud Arabystanynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen berk çäreler bilen yslamyň mukaddes ýerlerine haj başlaýar. Bu ýyl zyýaratyň esasy dessurlary 17-nji iýuldan 22-nji iýul aralygynda dowam eder. Eýýäm yzygider ikinji ýyl olara beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylary gatnaşyp bilmeýär diýip, TASS habar berýär.

Haj we Umra işleri boýunça ministrligiň kararyna laýyklykda, çärelere ýurtda tassyklanan sanjymlar bilen koronawirusa garşy iki sanjym alan 18 ýaşdan 65 ýaş aralygyndaky 60 müň raýat we patyşalygyň wekilleri gatnaşar. 
Bu ýyl zyýaratçylaryň sany 10 müň adam gatnaşan geçen ýyl bilen deňeşdirilende, köpdür, şeýle-de bolsa bu dünýäniň dürli künjeginden millionlarça musulmanlaryň zyýarat etmäge gelýän pandemiýadan öňki döwründen ep-esli azdyr.
Patyşalygyň häkimiýetleri täze kowida garşy çäreleriň kömegi bilen, 2020-nji ýyldaky ýaly, hajyň bäş gününde koronawirus keseliniň ýaýramagyndan gaçmagyň başartjakdygyna umyt bildirýärler.
Sosial araçägi saklamak bilen bagly adaty düzgünlerden başga-da, bu ýyl zyýaratçylar üçin ýaşaýyş nokatlaryna barmaga, awtobuslardan peýdalanmaga, iýmit sargyt etmäge we ybadat ýerlerine barmaga kömek etjek ýörite aragatnaşyksyz smart-kartlar hödürlenýär. Mundan başga-da, Mekgede esasy metjit Al-Haramyň golaýynda mukaddes Zemzem çeşmesinden suwly çüýşeleri paýlaýan robotlar gurnaldy. Esasy çäklendirme tawaf – Gara daşyň (Käbe) daşyndan ýedi gezek aýlanmak bilen baglanyşykly. Geçen ýyl bolşy ýaly, zyýaratçylara mukaddes daşa degmek düýbünden gadagan edilýär. Şu maksat bilen Käbäniň töwereginde gorag germewleri gurnaldy.
Musulmanlara hususy awtomobillerinden peýdalanmak hem gadagan ediler. Zyýaratçylaryň hereketi üçin Saud Arabystanynyň häkimiýetleri patyşalygyň mukaddes ýerleriniň arasynda, takmynan, 26 müň gatnawy amal etmek üçin 2,5 müň awtobus berdiler. Zyýaratçylara 20 adamdan köp bolup ýygnanmak bolmaýar. Olara teplowizor we wideo gözegçilik kameralary arkaly gözegçilik ediler. Görkezmeleriň bozulandygy üçin 10 müň rial möçberinde (takmynan, $2,6 müň) jerime göz öňünde tutulýar. Pandemiýa sebäpli, şu ýyl girizilen täzelikleriň biri, aýallary ýanynda erkek garyndaşy bolmazdan, zyýarat üçin hasaba almak mümkinçiligi boldy.


düýn 18:49
6.4k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...

06.02.2026 17:57
8.1k+

Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy

Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy...

23.01.2026 15:47
3.1k+

Er-Riýadda Kibersport boýunça dünýä kubogynyň baýrak gaznasy rekord 75 million dollar bolar

2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 23-nji awgusty aralygynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriljek Kibersport boýunça dünýä kubogynyň (Esports World Cup, EWC) baýrak gaznasy rekord derejä — 75 million dollara ýeter...

06.06.2025 09:27
11k+

Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy

Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi. “Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy...