Türkmenistanda otlular indi diňe iki ugur boýunça hereket eder

  • 17.07.2021 01:43
  • 52k+

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilen düzgünleri berjaý etmek maksady bilen, ýurdumyzda hereket edýän ýolagçy demir ýol otlularynyň gatnawyna görnetin çäklendirmeler girizildi. Indi ýolagçy otlulary diňe iki ugur — Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat we Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlary amala aşyrar. 

www.railway.gov.tm saýtynda berlen bildirişde Aşgabat  — Türkmenbaşy aralygynda gatnaýan otlularyň her aýyň täk günlerinde, Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça bolsa her aýyň jübüt günlerinde gatnawlaryň amala aşyrylýandygy mälim edilýär.
Her hepdäniň çarşenbe we şenbe günlerinde Aşgabat — Daşoguz, penşenbe we ýekşenbe günlerinde bolsa Daşoguz — Aşgabat ugurlary boýunça otly gatnawlary hereket eder.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......