Apple iPhone 12 üçin MagSafe goşmaça simsiz batareýany tanyşdyrdy

  • 16.07.2021 17:01
  • 9.9k+

Amerikan korporasiýasy iPhone 12 smartfonlaryna zarýad bermek üçin niýetlenen "MagSafe Battery Pack" daşarky simsiz magnit batareýasyny çykardy. Öňünden sargyt etmek mümkinçiligi bolan bu önüm hakyndaky maglumatlar sişenbe güni kompaniýanyň ABŞ-daky onlaýn dükanynda peýda boldy.

Enjam smartfonyň arka tarapynda ornaşdyrylan magnitlere birikdirilýär. Kompaniýanyň web sahypasynda görkezilişi ýaly, ony aýyrmak juda aňsat. Häzirki wagtda enjamyň amerikan dükanyndaky bahasy - 99 dollar. CNBC kanalynyň görkezişi ýaly, enjam indiki hepde ýaýradylyp başlar.
Ýeri gelende bellesek, batareýanyň özüni telefona birikdirmek arkaly dolduryp bolýar. Şonda telefon hökman toga birikdirilen bolmaly. “Apple”-iň aýtmagyna görä, smartfonyň elektrik üpjünçiligine birikdirilen batareýadan zarýad almak mümkinçiligi-de bar.
Mundan daşary, kompaniýa gadjetiň diňe iOS 14.7 we ondan ýokary ulgamda işleýän enjamlar bilen gabat gelýändigini aýratyn nygtaýar.


17.06.2026 11:15
2.3k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 07:37
2.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....