Gurban Berdiýew Russiýanyň milli ýygyndysyna tälimçi bellenilip biler

  • 16.07.2021 16:01
  • 19k+

Russiýanyň futbol birleşigi (RFB) Russiýanyň milli ýygyndysy üçin baş tälimçiniň gözleginde birnäçe dalaşgärler birlen gepleşikleri geçirýär diýip, RFB-niň prezidenti Aleksandr Dýukow Gurban Berdiýewiň bu wezipä bellenmek mümkinçiligi barada žurnalistleriň beren sowalyna jogap berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, häzirki wagtda türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew gazaklaryň «Kaýrat» futbol klubunyň gözegçilik geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi bolup işleýär.

"Häzirlikçe bu sowallara biz jogap berip bilmeýäris. Häzir bir gözlegde, gepleşikleri geçirýäris, birnäçe dalaşgäri gözden geçirýäris. Gepleşikler tamamlanýança men jikme-jiklikleri aýdyp bilmerin. Ähli iş tamamlanandan soň, doly gürrüň bereris» — diýip, Dýukow žurnalistlere aýtdy.

Öň, Russiýanyň futbol birleşigi Russiýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçini gözlemek we onuň bilen şertnama gol çekmek işlerini Russiýanyň premýer-ligasynyň täze möwsüminiň başlamazyndan öň tamamlamagy meýilleşdirýändigini habar beripdi. Täze möwsüm 23-nji iýulda başlar.
Belläp geçsek, Russiýanyň milli ýygyndysy Stanislaw Çerçesowyň ýolbaşçylygynda B toparda soňky orny eýeläp, Ýewropa çempionatynyň pleýý-off tapgyryna çykyp bilmedi. 8-nji iýulda RFB Çerçesow bilen bilelikde şertnamany ýatyrmak hakynda karara geldi.


düýn 23:57
734

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
7.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......