Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolar

  • 16.07.2021 09:36
  • 20k+

15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy. Onuň dowamynda türkmen Lideriniň golaýda Daşoguz welaýatyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyklar barada hem aýdyldy.

Welaýatlaryň häkimleri gezekli-gezegine sebitlerde gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, «ak altynyň» bol hasylyny almak maksady bilen, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Maslahatyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan türkmen Liderine Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy hem-de Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow bolsa daşoguzlylaryň döwlet Baştutany bilen duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde täze desgalaryň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk görülýändigini habar berdi.
Türkmen Lideri maslahatyň ahyrynda oba hojalyk pudagyny, aýratyn-da, pagtaçylygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan ýörite maslahatyň geçirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, sanly ulgam eýýamynda bilim alýan talyplaryň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleriniň, seçgiçileriň bu strategik ähmiýetli ekini ýetişdirmek babatdaky anyk teklipleri diňleniler.


şu gün 00:13
1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

düýn 22:56
928

Türkmenistan we UNIDO «ýaşyl» senagat geçişiniň taslamalaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda UNIDO-nyň Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy diýip, TDH agentligi habar berýär....

düýn 22:17
3.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň howandarlygynda «Energetika kodeksini» işläp düzmegi teklip etdi

Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň energiýa bazaryny durnuklaşdyrmak boýunça birnäçe amaly......

düýn 21:07
2.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýanyň Federal Prezidentini Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wena şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen gepleşikleri geçirdi......