KHBS: Messi «Barselona» bilen täze bäş ýyllyk şertnama baglaşar

  • 16.07.2021 08:46
  • 8.8k+

“Barselona” futbol klubunyň kapitany Lionel Messi klub bilen bäş ýyl möhletli täze şertnama baglaşmak barada ylalaşdy, ýöne onuň aýlyk haky 50% azaldylar. Bu barada Diario Sport, La Vanguardia we Marca ispan neşirleri habar berýär.

Neşir çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, argentinaly oýunçy klubuň häzir kyn döwürleri başdan geçirýändigine düşünýändigi üçin, “Barselonanyň” şertlerini kabul etdi. Ol aýlyk hakynyň azaldylmagyna razy bolmak bilen, klubdaşlaryna görelde boljakdygyna ynanýar.
Häzirki wagtda “Barselonanyň” hukukçylary we geňeşçileri şertnamanyň soňky detallaryny işleýärler. 34 ýaşly Messiniň “Barselona” bilen öňki şertnamasynyň möhleti 30-njy iýunda tamamlandy. Klubuň Messi bilen täze şertnama gol çekilendigi barada iýul aýynyň ahyrynda habar bermegine garaşylýar. Klub Fair Play maliýe düzgünlerini we Ispaniýanyň Futbol federasiýasy (RFEF) tarapyndan kesgitlenen aýlyk derejesini bozmazdan şertnamany bellige almak üçin tassyknama alyp biljekdigine bil baglaýar.
Iýul aýynyň başynda katalon klubunyň adatdan daşary kyn ýagdaýa düşendigi belli boldy. “Barselona” käbir oýunçylaryny satyp başlady, birnäçe oýunçylaryna, şol sanda bosniýaly ýarym goragçy Miralem Pýaniçe we fransuz goragçysy Samýuel Umtitä şertnamany möhletinden ir ýatyrmagy teklip etdi. Munuň sebäbi, klub Messi bilen täze şertnama baglaşmazdan öň aýlyk hasabyny doldurmaly.


düýn 16:49
4.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

04.06.2026 23:46
5.8k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:11
15k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......