Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçiriljek halkara maslahata gatnaşar

  • 14.07.2021 09:48
  • 5.4k+

15-16-njy iýulda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Wehimler we mümkinçilikler» ady bilen ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler we oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar. Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde geçiriljek halkara maslahata türkmen tarapyndan gatnaşjak wekiliýetiň düzümini tassyklady.

Halkara forum Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika, energetika, söwda, önümçilik, maýa goýum, täzeçil tehnologiýalar we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan, şol sanda birnäçe halkara guramalardan wekilleriň gatnaşmagy meýilleşdirildi. Onuň çäklerinde söwda we ulag, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, sebitleýin howpsuzlyk ugurlary boýunça mejlisler geçiriler. Bular barada 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen Liderine beren hasabatynda aýdyldy.


şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....