Adidas zarýad bermesiz simsiz gulaklyklary öndürer

  • 13.07.2021 16:16
  • 8.9k+

Birnäçe ýyl mundan ozal Adidas simsiz gulaklyklary öndürmäge girişipdi. Indi bolsa kompaniýa hatda zarýad bermek hem zerur bolmadyk täze önümi hödürledi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

“Adidas RPT-02 Sol” diýlip atlandyrylýan model gün paneli bilen enjamlaşdyrylandyr. "Digital Trends"-iň aýtmagyna görä, bu enjam gulaklyklara açyk howada gün energiýasy arkaly zarýad berip biler. Gowy tarapy, olara Gün şöhlesi ýok ýerinde adaty usulda hem zarýad berip bolýar. Munuň üçin enjam USB-C bilen enjamlaşdyrylar.
“Adidas RPT-02 Sol” batareýasy, takmynan, 80 sagat ulanmak üçin ýeterlik diýlip baha berilýär. Täze önümleriň bahasy barada welin, heniz belli bir netijä gelinmedi. Ýöne ol 200-230 dollar töweregi bolar diýlip çaklanylýar.
Täze gulaklyklaryň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda çykarylmagyna garaşylýar.


düýn 23:55
449

Google: Kompaniýadaky kodlaryň 75 göterimini emeli aň ýazýar, emma karary inženerler berýär

Google-da täze ýazylýan kodlaryň takmynan 75 göterimi emeli aň gurallarynyň kömegi bilen döredilýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Sundar Piçaý «Cloud Next 2026» maslahatyna bagyşlanan blog ýazgyda habar......

29.04.2026 18:34
2.6k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....

29.04.2026 12:05
680

Apple emeli aň üçin özüniň «Baltra» prosessoryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy emeli aň meseleleri üçin niýetlenen, «Baltra» kod ady bilen tanalýan özüniň hususy serwer prosessoryny döretmegiň üstünde işleýär....

28.04.2026 14:34
4.5k+

Apple gyralary egreldilen iPhone taýýarlaýar

Apple korporasiýasy gyralary biraz egreldilen innowasion ekranly smartfony tanyşdyrmagy meýilleşdirýär....