Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi

  • 12.07.2021 12:59
  • 17k+

Dünýäniň iň beýik 100 binasynyň tas ýarysynyň ýerleşýän ýeri bolan Hytaýda beýikligi 500 metrden ýokary bolan diňleri gurmak gadagan edildi. "South China Morning Post" gazetiniň habar bermegine görä, muňa soňky üç onýyllykda iň beýik bina ady üçin ýaryşyň binalaryň howpsuzlygyny howp astyna goýmagy we ofisleriň sanynyň has köpelmegi sebäp boldy diýip, ren.tv belleýär.

Indi beýikligi 500 metrden gowrak bolan täze binalaryň gurluşygyna rugsat berilmejekdigi bellenilýär. Beýikligi 250 metrden geçýän binalaryň sany gaty çäkli bolmaly, beýikligi 100 metrden gowrak bolan binalar bolsa ölçege we ýangyn söndüriş mümkinçiliklerine doly laýyk gelmeli diýip, Milli ösüş we özgertmeler komissiýasy (NDRC) habar berýär.
Häzirki wagtda Hytaýyň iň beýik diňi beýikligi 632 metr bolan Şanhaý diňidir. Bu bina Dubaýdaky beýikligi 828 metr bolan Burj Halifa diňinden soň ikinji ýerde durýar.
Ýatlap geçsek, maý aýynyň ikinji ýarymynda Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň Şençžen şäherinde beýikligi 356 metr bolan SEG Plaza diňi yrgyldap başlady. Şol wagt binada 15 müň töweregi adam bardy, olar 90 minutda ewakuasiýa edildi.


23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.9k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.8k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

21.01.2026 10:08
5.2k+

Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi

Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär...