Porýe üçünji tutluşykda Makgregory birinji raundda ýeňdi

  • 11.07.2021 22:10
  • 32k+

Las Wegasda UFC 264-iň esasy tutluşygynda Konor Makgregor tehniki nokaut bilen Dastin Porýeden ýeňildi. Birinji raundy[ ahyrynda irlandiýaly söweşijiniň aýagy döwüldi.

Şeýle-de bolsa, amerikaly söweşiji tutluşykda işjeň hüjümler bilen ýeňiş gazanmaga mynasyp derejede söweşdi. Bu söweş garşydaşlaryň arasyndaky üçünji duşuşyk boldy we olaryň ikisi nokaut bilen Porýeniň peýdasyna tamamlandy. Bu ýeňişden soň Porýe ýeňil agramda UFC-niň çempionlyk tituly ugrunda Çarlz Oliweýra bilen göreşmäge hukuk gazandy.
Tutluşygyň netijesinden soň Porýe sekiz nokaut bilen UFC-de ýeňil agramda rekord goýdy. Bu görkezijä heniz UFC-niň hiç bir söweşijisi ýetip bilmedi.

“Konor söweşe gowy başlady, ol garşylyklaýyn urgularyň birinde erbet hüjüm etdi, ýöne baş alyp çykdym. Söweşiň başynda lou-kik urgularynyň birinden soň Makgregoryň aýagynda bir zadyň şatyrdanyny duýdum. Belki, onuň şikes almagyna şol sebäp bolandyr" diýip, Porýe söweşden soň interwýu berdi.


26.06.2026 23:43
8.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.1k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......