TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty magistratura boýunça okuwa kabul edýär

  • 11.07.2021 09:11
  • 15k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2021/2022-nji okuw ýyly üçin magistratura taýýarlygyň aşakdaky ugurlar boýunça magistrlige kabul edýändigini yglan edýär.

1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: sanly diplomatiýa).
2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy).

Okuwlar tölegli esasda türkmen dilinde alnyp barylýar.
Instituta taýýarlygyň “Sanly diplomatiýa” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş çygrynda; “Halkara hususy hukugy” we “Halkara jemagat hukugy” ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwreniş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Welaýatlardan okuwa giren magistrantlara institutyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamaga mümkinçilik döredilen.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 13 — 14-ne geçirilýär.
Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:

taýýarlygyň ugry: sanly diplomatiýa – halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we iňlis dili;
taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy – Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary we iňlis dili.

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara  gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25;

Tel.: 22-68-50.

          Web-saýt: www.iirmfa.edu.tm

          Elekton-poçta: iirmfatm@gmail.com


düýn 20:41
1.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......