Genetikler Leonardo da Winçiniň nesil daragtyny dikeltdiler

  • 11.07.2021 07:05
  • 6.6k+

Italýan alymlary genetiki derňewi ulanyp, Leonardo da Winçiniň maşgala daragtyny döretdiler. Bu işe 10 ýyl töweregi wagt sarp edildi. Dikeldilen daragtyň kömegi bilen alymlaryň da Winçiniň keşbini şekillendirip bilmegine garaşylýar diýip, “Human Evolution” neşiri ýazýar. Muny profile.ru belleýär.

Alessandro Wessozi bilen Anýeze Sabato suratkeşiň 1331-nji ýyldan şu güne çenli maşgala taryhyny anyklap, onuň “genetiki profilini” döretmegi başardylar. Gözleg erkek ugry boýunça geçirildi we jemi 21 nesil kesgitlendi. Leonardonyň özi altynjy nesle degişlidir. Nesil daragty bäş maşgala “şahasyny” gurşap aldy.

“Biz 2016-njy ýylda Leonardonyň 35 diri neberesini kesgitläpdik, ýöne bu gytaklaýyn garyndaşlyk gatnaşyklary we esasanam, aýal ugry bilen baglanyşyklydy. Bu gatnaşykda iň belli meselemleriň biri meşhur režissýor Franko Dzeffirelli bolup durýar. Ýöne bu adamlar Leonardo da Winçiniň DNK-sy we, ilkinji nobatda, erkek ugry boýunça geçýän hem-de 25 nesliň dowamynda üýtgewsiz galýan Y-hromosomasy barada gözlenýän maglumatlary berip bilmediler” – diýip, Wessozi belleýär.

Arhiw maglumatlaryna görä, Leonardonyň özi zürýatsyz bolupdyr. Ýöne onuň köp nesilleri bolan 22 sany öweý erkek dogany bolýar. Kakasy Pýero we öweý dogany Domenikonyň ugrundan suratkeş bilen baglanyşykly tapylan 13 neberäniň ýaşy bir ýaşdan 85 ýaş aralygynda üýtgeýär. Gyzykly ýeri, olaryň ählisi 1452-nji ýylda Leonardo da Winçiniň doglan şäheriniň golaýynda ýaşaýarlar.
Wessoziniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda erkek ugrundan Leonardonyň jemi 14 neberesi diri. Olar, esasan, senetçi we gullukçy bolup işleýärler. 


15.01.2025 15:01
2.6k+

NASA we Italiýa Aý üçin GPS nawigasiýasyny synagdan geçirýär

NASA we Italiýanyň kosmos agentligi LuGRE (Lunar GNSS Receiver Experiment) ulgamyny synagdan geçirmäge taýýarlanýar. Tejribäniň maksady Aýda takyk nawigasiýa üçin GPS-i we Ýewropanyň hemra nawigasiýa ulgamy Galileo...

11.11.2024 10:21
11k+

Italiýanyň bir gowagyndan ýaşy 4000 ýyl bolan mis hanjary tapyldy

Arheologlar Italiýanyň Tina Ýama gowagyndan 4000 ýyllyk mis hanjaryny we adam kellesini tapdylar. Bu onuň giçki mis we irki bürünç asyrynda jaýlanyş ýeri hökmünde ulanylandygyny görkezýär. Gowak Italiýanyň demirgazyk...

26.07.2024 07:30
14k+

Italiýada deňziň düýbünden suw basan Rim willasynyň mermer poly tapyldy

Bakolide (Italiýa) Baýýa suwasty arheologiýa seýilgähinde suwasty dikeldiş  taslamasynyň çäklerinde alymlar suw basan Rim willasynyň mermer poluny  tapdylar diýip, Arkeonews neşiri habar berýär. Tapylan pol gadymy...

14.05.2024 15:32
25k+

Geolog da Winçiniň “Mona Lizasynyň” çekilen ýerini tapdy

Italiýaly geolog we utgaşyklylykda Galkynyş eýýamynyň sungaty öwrenijisi Anne Pissorusso Leonardo da Winçiniň meşhur “Mona Liza” eserini çeken ýerini tapyp bilendigini öňe sürdi diýip, The Guardian gazeti ýazýar...