Türkmenistanda 7 sany ýokary okuw mekdep hojalyk hasaplaşygyna geçirildi

  • 10.07.2021 13:33
  • 27k+

Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap:

  • Bilim ministrliginiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti,
  •  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti,
  •  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty,
  •  Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty,
  •  Türkmen döwlet maliýe instituty,
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty,
  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.

Bu ýokary okuw mekdepleriniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylmy we tehnologik ösüşlerini mundan beýläk hem çaltlandyrmak, bilim ulgamynyň binýatlyk ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini hem-de dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen baglydyr.


düýn 20:41
1.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......