Türkiýe syýahatçylara garaşýar

  • 09.07.2021 12:10
  • 6.8k+

Pandemiýa sebäpli dowamly ýapylan Türkiýäniň Antalýa şäherindäki myhmanhanalar işini dikeltmäge taýýarlanýar. Ýurduň syýahatçylyk pudagyna koronawirus ýokanjy aýratyn güýçli täsirini ýetirdi. 2019-njy ýylda Türkiýede syýahatçylaryň 43 milliona golaýy bolup, pudagyň girdejisi 34,5 milliard dollara barabar boldy. Bir ýyl soňra bolsa bu ýurda gelýänleriň sany 70 göterime çenli aşak düşdi. Bu barada euronews.com maglumat berýär.

«Biz eýýäm 20 aý bäri ýapyk. Russiýadan Türkiýä uçuşlara çäklendirmäniň aýrylmagy bizi örän begendirdi. Çünki biziň myhmanhanalarymyza yzygiderli gelýänleriň 70-80 göterimi russiýaly syýahatçylar. Eger-de Ýewropa ýuwaş-ýuwaşdan çäklendirmeleri aýyrsa, şu ýylyň syýahatçylyk möwsümini bolmanda bölekleýin dikeldip bolar» diýip, myhmanhanalaryň biriniň dolandyryjysy Murat Ozbolat aýdýar.  

Türkiýäniň Syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, iki ýyl mundan ozal ýurda 43 milliona golaý adam syýahata geldi. Olaryň iň köpi — 6,9 milliony Russiýadan, 4,8 milliony bolsa Germaniýadan gelen syýahatçylardyr. 
Şeýle-de bolsa, Beýik Britaniýa we Fransiýa Türkiýäni gyzyl sanawa goşup, bu ýurtdan gelýänlere 7 günläp karantinde bolmagy talap edýär. Şoňa görä-de, Türkiýe ýene-de bir syýahatçylyk möwsümini elden gidermekden uly ätiýaç edýär.


01.02.2026 15:42
3.1k+

Türkiýäniň syýahatçylyk boýunça girdejisi rekord derejä ýetdi

2025-nji ýylda Türkiýäniň syýahatçylykdan alan girdejileri öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,8% artyp, 65,2 milliard dollara ýetdi. Bu barada Dunya neşiri ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň sözlerine salgylanyp habar berýär...

12.01.2026 17:52
19k+

Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar...

22.08.2025 19:04
18k+

Türkiýe türkmen raýatlary üçin talyp wizasyny almaga ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp wizasy bilen baglanyşykly ýüz tutmak tertibine üýtgetmeleri girizdi. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky Gateway wizalar merkezi mälim etdi. Üýtgetmler 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyndan güýje girýär...

16.08.2025 18:15
8.7k+

Türkiýäniň üç sany awiakompaniýasy uçuş wagtynda powerbanklary ulanmagy gadagan etdi

"AJet" türk awiakompaniýasy uçuş wagtynda kuwwaty 100 watt-sagatdan ýokary bolan powerbanklary ulanmagy gadagan etdi. Mundan ozal şeýle çäklendirmeleri Turkish Airlines we Pegasus hem girizipdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär...