Alymlar «akylly» halyny döretdiler

  • 09.07.2021 12:27
  • 11k+

Massaçusets tehnologiýalar institutynyň inženerleriniň «intellektual haly» diýip atlandyran halysy türgenleşikler, oýun wagtynda we hyýaly hakykat giňişliginde işlenende peýdaly bolup biler. 3,3 inedördül metr ölçegdäki düşekçäni ýada salýan haly özünde plýonkanyň basyşyny duýýan we sapaklary geçirýän 9 müňden gowrak datçigi özünde jemleýär.

hi-tech.mail.ru-nyň ýazmagyna görä, haçan-da halynyň böleklerine agram düşende, basyşyň ululygyna, basylýan ýerine görä dürli görnüşli elektrik signallary ýüze çykýar. Hala meýletinçileriň hereketleri boýunça hereket etmegi öwretdiler. Olar halynyň üstünde ýöremek, oturyp-turmak, bedeniňi ýokaryk-aşak galdyrmak ýaly dürli hereketleri ýerine ýetirdiler, ýoga edilendäki ýaly görnüşde oturdylar, ýatdylar... Ulgam olaryň ählisini seljerip, adamlaryň hemme hereketlerini kompýuteriň ýüzüne çykardy. Haly hatda bedeniň ýokary bölegindäki hereketleri hem anyk kesgitledi. Muny kesgitlemek giňişlikde diňe aýagyň ýerleşýändigi üçin aňsat däldir. Ulgam adamlaryň hereketlerini 97 göterim anyk kesgitlemegi başardy.


düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....