Näme sebäpden biz yssyda oňat uklap bilmeýäris?

  • 09.07.2021 12:48
  • 11k+

Ukyny gowulandyrmak üçin 5 maslahat
Düýn nähili ýatdyňyz? 20 gradusdan ýokary temperaturada uklamak kyn bolýar. Çünki yssy gijelerde bedeniň gyzgynlygy ýokarlanyp, ýürek we gan aýlanyş ulgamyna adatdakysyndan has köp agram düşýär. Finlýandiýaly uky lukmany ýatmazdan ozal nämelerden gaça durmalydygy we yssy howada ukynyň hilini nädip ýokarlandyrmalydygy barada käbir maslahatlary berýär. Lukmanyň maslahatlaryny inosmi.ru saýty paýlaşýar.

Kuopio uniwersitet hassahanasynda işleýän, Finlýandiýanyň Somnologiýa jemgyýetiniň başlygy, kliniki newrofiziologiýa we somnologiýa boýunça hünärmen Anu Muraýa-Murronyň sözlerine görä, yssyda ukyňy oňat alyp bilmezlik adaty bir hadysadyr. Temperatura, adatça, 20 gradusdan ýokary bolanda, ukynyň hiline täsir edip, onuň rahat bolmagyna zyýan ýetirýär. Yssy biziň ukymyzy bozup, az güýç berýär.
«Ýylylyk bermegi ýokarlandyrmak hem-de bedeni sowatmak üçin ýürek derä we el-aýaklara has köp gan geçirmeli bolýar. Yssyda adam bedeni aşa agram düşmäge ýakyn, az-kem dartgynly ýagdaýda bolýar. Hut şunuň özi-de ukynyň hilini bozýar» diýip, Murro aýdýar.
Gije yssyda oýanmak ukynyň bioritmlerini bozup biler.
«Yssy howa ukynyň gurluşyny bozýar we onuň siklleri azaşýar. Adatça, gije ilki ýeňil uky, soňra bolsa çuňňur uky bolup, ondan soň çalt faza başlanýar. Waka hadysalar uky wagtynda aýlawly gaýtalanýar». Çalt fazada adam has köp düýş görýär. Muraýa-Murronyň pikiriçe, gijeki ukudan soň irdenki ýadawlyk, esasan, bioritmleriň bozulmagy bilen baglanyşyklydyr.
5 ýyl mundan ozal lukmanlardyr gözegçiler uky wagtynda üýtgeşik bir zat bolman, beden diňe dynç alýar diýip ynanýardylar. «Indi bu pikir üýtgedi. Uky wagtynda beýnide işjeň arassalaýyş işleriniň geçýändigi subut edildi. Beden beýnä arka beýni suwuklygyny iberýär we limfa ulgamy ony şol bada arassalaýar. Bu ulgam ukynyň çalt fazasynda beýnidäki artykmaç zatlary çykarmaga kömek edýär. Eger-de ukynyň çalt fazasy bolmasa ýa-da bozulsa, onda gije beýni arassalanmaýar. Şonuň üçinem biz ertir irden özümizi ysgynsyz duýýarys» diýip, Murro düşündirýär.

Yssyda ukyny gowulandyrmak üçin lukmanyň 5 maslahaty:

  1. Ýatylýan otag salkyn bolmaly. Penjireleri gündiz ýapyň, gije haçan-da temperatura peselende, olary açyp goýuň. 
  2. Sowadyjylar we kondisionerler. Belli bir wagtdan soň öz-özi öçýän ýagdaýda goýlan gurluşlar hem uklamaga kömek edip biler.
  3. Ukudan öň sportuň işjeň görnüşlerinden we ajy naharlardan gaça duruň. Çünki olar bedeniň temperaturasyny ýokarlandyrýar.
  4. Ukudan öň salkyn duşa giriň.
  5. Pagtadan tikilen ýorgan-düşekler bedene salkynlyk berýär.
26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......