Dünýädäki iň uly planetariý 18-nji iýulda Şanhaýda açylar

  • 08.07.2021 12:51
  • 7.7k+

Dünýäde iň ulusy hasaplanýan Şanhaýdaky planetariý resmi taýdan 18-nji iýulda açylar. Bu toplumyň gurluşygy 2016-njy ýylyň noýabr aýynda başlandy. Ol Pudun sebitinde ýerleşer. Esasy binanyň umumy meýdany 38 müň inedördül metre, tutuş toplumyň meýdany 58,6 müň inedördül metre barabar. 

Planetariý esasy we birnäçe goşmaça binalardan, şol sanda ýaşlar üçin gözleg merkezinden we iki jemgyýetçilik obserwatoriýasyndan ybarat. 
Sergi böleginde planetariýniň myhmanlary dürli planetalardan 70 töweregi dürli meteorit böleklerini görüp bilerler. Mundan başga-da, ýygynda Isaak Nýutonyň, Galileo Galileýiň, Nikolaý Kopernikiň we ş.m. original işleri giriziler. 
Planetariýde maglumatlary wizuallaşdyrmanyň, üsti ýetirilen reallygyň, biometriýanyň we emeli intellektiň giňden ulanylýandygy bellenilýär. Bu barada ýerli habar çeşmesi “Penpaý” habar berdi diýip, moika78.ru belleýär.
Daşky görnüşi boýunça planetariý fantastik filmlerdäki uly kosmos gämisine meňzeýär. Şeýle-de, baş binanyň töweregindäki ýanýodalar galaktiki spiral şekilinde geçirilen. Planetariýniň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa materiallar we toplumyň işini üpjün etmek üçin ýaşyl tehnologiýalaryň soňky gazananlary ulanyldy.


11.01.2026 11:42
2.4k+

Hytaýly taýkonawtlar Aýa uçmak üçin Ýerdäki gowaklarda türgenleşik geçdiler

Hytaýyň kosmonawtlar topary geljekde Aýa amala aşyryljak adamly uçuşlara taýýarlyk görmek maksady bilen, gowaklarda bir aýlyk ýörite okuw-türgenleşik geçdiler. Space News neşiriniň habar bermegine görä, bu maksatnama adamyň ekstremal şertler bilen özara gatnaşygyny öwrenmäge we Aýyň üstüni ýatladýan gurşawda hereket etmegi öwrenmäge gönükdirilendir...

09.01.2026 11:28
6k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

08.01.2026 21:30
7k+

Hytaýda Nils Bor bilen Eýnşteýniň arasyndaky belli jedel tejribede çözüldi

Hytaý fizikleri Albert Eýnşteýn tarapyndan tas ýüz ýyl ozal öňe sürlen pikir tejribesini iş ýüzüne geçirip, Nils Boruň goşmaçalylyk ýörelgesini tassykladylar. Bu barada Physical Review Letters žurnaly ýazýar. 1927-nji ýylda Solweý kongresinde Eýnşteýn bilen Boruň arasynda jedel döreýär...

03.01.2026 23:09
4.9k+

2000 ýyllyk hytaý dokma stanogy iň gadymy programmirlenýän enjam diýlip atlandyryldy

Hytaý alymlary dünýäde iň gadymy programmirlenýän mehanizmi tapandyklaryny aýtdy. Ol ýaşy, takmynan, 2000 ýyl bolan ýüpek matalar üçin dokma stanogy boldy. Häzire çenli şeýle enjam astronomiýa üçin ulanylan Antikitera mehanizmi hasaplanypdy diýip, South China Morning Post habar berýär...