Aşa gyzgyna garşy göreşmekde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maslahatlary

  • 08.07.2021 12:57
  • 13k+

Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ilatyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň degişli gulluklary tarapyndan atmosfera howasynyň ýagdaýyna, şol sanda howanyň temperaturasynyň, basyşynyň, çyglylygynyň, ýeliň ugrunyň we tizliginiň ýagdaýyna, şeýle hem howanyň düzümindäki tozanyň we beýleki hapalaýjy maddalaryň mukdaryna gündelik gözegçilik işleri alnyp barylýar.

Häzirki aşa gyzgyn günlerde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, ine, şulary maslahat berýär:

Häzirki wagtda tomus pasly bilen bagly yssy howaly günler dowam edýär. 5-nji, 6-njy we 7-nji iýulda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde howanyň aşa gyzmagy gündizine +45ºC, käbir welaýatlarda +47ºC çenli baryp ýetdi. 8-nji iýulda-da Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda aşa gyzgyn howanyň dowam etmegine garaşylýar. Howanyň aşa gyzmagynyň netijesinde günüň ýiti şöhlesiniň adamlaryň saglygyna edýän ýaramaz täsiri hem güýçlenýär.
Günüň energiýasy ýa-da radiasiýasy elektromagnit şöhlesi hökmünde bolup, ol radiasiýanyň ýaýraýyş tolkunlarynyň uzynlygyna baglylykda gamma, rentgen, ultramelewşe, infragyzyl şöhlelere, göze görünýän ýagtylyga bölünýär.
Gysga tolkunly rentgen şöhlelenmesi tutuşlygyna we ultramelewşe şöhlesiniň 98%-ne çenli mukdary atmosfera howasyna, esasan hem ozon gatlagyna siňýär. Ýeriň üstki gatlagyna uzyn tolkunly göze görünýän ýagtylyk we infragyzyl şöhlesi hem-de az mukdarda ultramelewşe şöhlesi gelip ýetýär.

  • Şunuň bilen baglylykda, yssy howanyň, günüň ultramelewşe şöhlesiniň ýaramaz täsirinden goranmak üçin raýatlaryň açyk meýdanda bolýan wagtlarynda saýawanlary ulanmaklary, günüň şöhlesinden goraýan açyk reňkli, ýeňil, howany oňat geçirýän egin-eşikleri geýmekleri maksadalaýyk hasaplanylýar.
  • Şoňa görä-de, bu ugurda aýratyn ünsli bolmak zerurdyr. Şeýle hem, önümçilik kärhanalarynda, tokaý zolaklarynda, ekerançylyk we öri meýdanlarynda howanyň aşa gyzýan döwründe ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmek, gözegçilik işlerini we göreş çärelerini güýçlendirmek maslahat berilýär.
    Yssy howanyň boljak günlerine öňünden taýýarlyk görmek, onuň zyýanly täsirlerinden goranmak üçin bu barada ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilaty yzygiderli habarly etmek, köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde düşündiriş we wagyz-nesihat işlerini geçirmek, tokaý zolaklaryny, olaryň daş-töweregini haşal otlardan arassalamak we sürüm geçirmek, ýangyn howpsuzlygyna garşy gözegçilik işlerini güýçlendirmek üçin, edara-kärhanalarda jogapkär işgärleriň gije-gündizleýin nobatçylyklaryny guramak, Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki bag nahallaryna hem-de otlara, tokaý zolaklaryndaky baglara idegi güýçlendirip, olary howanyň salkyn wagtlary suwarmak, baglary, gyrymsy agaçlary, gülleri ýuwmak hem-de olaryň daş-töwereklerini suwlamak arkaly amatly howa şertlerini döretmek, her bir edara-kärhanalaryň öz iş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, önümçilik işlerini howa şertlerine görä alyp barmak zerur bolup durýar.
  • Magnit hadysasy günüň işjeňligi netijesinde döreýän hadysadyr. Günüň işjeňligi artan ýagdaýynda uly göwrümde günüň plazmasynyň akymy emele gelýär. Bu akym ýeriň magnit meýdanynyň durnuksyz ýagdaýda bolmagyna getirýär. Ýer ýüzünde älem giňişligine gözegçilik edýän edaralar tarapyndan günüň işjeňliginiň ýeriň magnit meýdanyna edýän täsirine gözegçilik edilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy tarapyndan degişli edaralar bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Magnit hadysasy özüniň täsir edişi boýunça durnukly, durnuksyz, gowşak täsirli, aram täsirli, güýçli täsirli görnüşleri bilen tapawutlandyrylýar. Magnit hadysasy adamlara we olaryň saglygyna öz täsirini ýetirýär.

düýn 10:44
2k+

Arkadag şäherindäki sirk dynç gününi ýatdan çykmajak pursatlara öwürýär

Maşgala bilen dynç günüňizi ýatdan çykmajak derejede geçirmek üçin näme etmeli? Bu soraga Arkadag şäheri iň jaýdar jogaby hödürleýär. Her ýekşenbe güni Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde çagalary hem ululary deň derejede özüne çekýän sirk oýunlary görkezilýär...

03.02.2026 13:36
19k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» we Ronaldu effekti: telekeçiler ýokary isleg döwrüne howsala düşmän nädip taýynlanyp biler

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy geçiriler: «Arkadag FK» – «Al-Nasr». Petekler Aşgabat häkimliginiň web-sahypasy we Sanly şäher programma üsti arkaly onlaýn satylýar...

27.01.2026 21:02
12k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
12k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...