Volkswagen Ýewropada 2035-nji ýyla çenli içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulag önümçiligini bes eder

  • 07.07.2021 03:11
  • 6.6k+

Volkswagen german awtokonserni Ýewropada 2035-nji ýyla çenli içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiligini bes etmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Volkswagen markasynyň dolandyryjy geňeşiniň agzasy, söwda boýunça jogapkär işgäri Klaus Selmer «Münchner Merkur» gazetinde çap edilen interwýusynda habar berdi. Ony trend.az paýlaşýar.

 

         «Biz öz öňümizde örän anyk maksatlary goýduk. Biz 2033-2035-nji ýyllar aralygynda Ýewropada içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiliginden el çekeris, ABŞ-da we Hytaýda bolsa biraz soň» diýip, Selmer aýdýar. Syýasy we infrastruktura şertleriniň ýokdugy sebäpli, Bu ýagdaý Günorta Amerikada we Afrikada köpräk wagt alar. Şeýle hem Selmer 2050-nji ýyla çenli galman awtoulag öndüriji konserniň kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň nol derejesine ýetmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

         Volkswagen-iň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy şeýle-de 2030-njy ýyla çenli kompaniýanyň Ýewropada awtoulaglaryň paýyny umumy satuwda 70 göterime çenli artdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

düýn 21:54
1.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.8k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
2k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......