Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

  • 06.07.2021 07:55
  • 6k+

5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň nobatdaky mejlisinde wise-başlyklyk edýän Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny ilerletmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, gender deňligini üpjün etmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň başlygyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalary durmuşa geçirmekde ýardam berýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe ulag ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy boýunça täze Kararnamalary işjeň ara alyp maslahatlaşmakda dünýä bileleşigine çagyryş bilen çykyş etdi.
Ýeri gelende bellesek, Wolkan Bozkyr şu ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga bermek mynasybetli geçirilen dabaraly çärede-de onlaýn görnüşde çykyş edipdi. Şonda ol: «Men tutanýerlilik bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ruhunda siziň ähliňizi tapawutlanmagy bir gapdalda goýup, ozaldan bar bolan gatnaşyklary berkarar etmäge çagyrýaryn. Häzir halklaryň arasynda raýdaşlygyň we ylalaşyklylygyň üpjün edilmeli wagty. Biz ählumumy pandemiýany hem-de onuň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmek, hiç kimi yzda galdyrmazlyk maksady bilen, hemmelere sanjymlary elýeterli etmek üçin bilelikde iş alyp barmalydyrys. Hemmeleriň howpsuzlygy üpjün edilýänçä, hiç birimiz howpsuz bolup bilmeris» diýip, tutuş dünýä jemgyýetçiligine ählumumy çagyryşy beýan edipdi.  


düýn 22:17
840

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......