Ronaldu geljekde haýsy toparda oýnar?

  • 05.07.2021 16:12
  • 18k+

Portugaliýanyň ýygyndysynyň we «Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu öz geljegi bilen bagly anyk karara geldi. Bu barada Jmania-nyň maglumatlaryna salgylanyp, lenta.ru ýazýar.

36 ýaşly futbolçy turin sport kluby bilen şertnamasyny ýene bir möwsüm uzaltmagy göz öňünde tutýar. Onuň häzirki şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. Oýunçynyň gyzyklanmalaryny beýan edýän agent Žorže Mendeş eýýäm «Ýuwentusyň» ýolbaşçylary bilen gürleşdi we Ronaldunyň täze şertnama gol çekmek isleýändigini habar berdi.
Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň öň ýanynda Ronaldunyň klubyny täzelemäge taýýardygy habar berildi. Ony toparyna almak isleýänleriň arasynda «Mançester Ýunaýted-iň» bardygy hem aýdyldy. 
Tamamlanýan möwsümde Ronaldu futbol ýaryşlarynyň 45-sinde «Ýuwentus-yň» hasabyna 37 gol geçirmegi başardy. Italiýanyň çempionatynda topar dördünji orny eýeledi. Ol «Ýuwentus-yň» düzüminde 2018-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edýär. Bu topar bilen ol iki gezek skudetto nyşanyny almagy başardy. Portugaliýaly futbol ýyldyzy bäş gezek «Altyn topa» mynasyp boldy. Ol Liga çempionlarynda 5 gezek ýeňiş gazanyp, olaryň dördüsi Madridiň «Real» toparynyň düzüminde oýnaýan wagtyna gabat geldi.


29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

22.05.2026 07:24
9.9k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....

17.05.2026 14:24
10k+

Nobatdaky şowsuzlyk: Ronaldu «Al-Nasr» bilen 14-nji kubogyny hem elden gidirdi

Düzüminde ýyldyz hüjümçi Kriştianu Ronaldu bolan topar nobatdaky kubokdan hem galdy. AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň final oýnunda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby Ýaponiýanyň «Gamba Osaka» toparyndan 0:1......