Bakuda «Türki dünýäniň älemgoşary» atly kitap tanyşdyryldy

  • 05.07.2021 13:57
  • 3.6k+

Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynda «Türki dünýäniň älemgoşary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu gazna tarapyndan neşir edilen kitaba türki dilli ýurtlaryň: Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň meşhur halk ertekileri girizildi. Bu barada azertag.az saýty maglumat berýär.

Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň prezidenti Günaý Efendiýewa çäräniň dowamynda çykyş edip, kitabyň «Türki dünýäniň älemgoşary» adynyň ýöne ýerden saýlanyp alynmandygyny belledi. «Türki ertekileriň her biri aýratynlykda älemgoşaryň bir reňkini özünde jemleýär. Şu ýedi reňk bolsa bilelikde türki dünýäniň baý medeni mirasyny şöhlelendirýär. Bu kitap diňe bir ertekiler kitaby bolman, eýsem, türki dilli halklaryň gymmatlyklaryny hem açyp görkezýär. Olaryň her birinde hoşniýetlilige, parahatçylyga, birek-birege hormat goýmaga we bilimlilige çagyryş beýan edilýär. Beýleki tarapdan, olarda bize ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar görkezilýär. Kiçijek azerbaýjan suratkeşi Marýam Guluzade tarapyndan çekilen şekiller bilen bezelmegi kitabyň esasy aýratynlygydyr» diýip, gaznanyň prezidenti belleýär.
F.Koçarli adyndaky Respublikan çagalar kitaphanasynyň ýardam bermeginde guralan çäräniň dowamynda Baku şäheriniň 3-nji çagalaryň we ýaşlaryň ösüşi merkezinde okaýan okuwçylar ertekileriň gahrymanlarynyň keşbini janlandyryp, türki dilli halklaryň milli tanslaryny ýerine ýetirdiler. Soňra gatnaşyjylara Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasy tarapyndan sertifikatlar gowşuryldy.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....