Geljegiň hünärleri haýsylar?

  • 04.07.2021 19:58
  • 15k+

Işgärleriň ornunyň robotlar bilen çalşylýandygy sebäpli, işsiz galmakdan gorkmak gerekmi? Azertag.az haýsy hünärleriň işini maşyn arkaly hiç haçan ýerine ýetirip bolmajakdygy, nirelerde robotlaryň iş prosesine işjeň ornaşdyrylýandygy, nirelerde bolsa adamy eýýäm gysyp çykarandyklary barada gyzykly maglumatlary paýlaşýar.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, ýakyn geljekde janly işgärleriň aglaba bölegini maşynlar eýelär. Ýöne şol maşynlary döredýän hünärmenlere bolsa zerurlyk has artar. Bilermenler ýakyn ýyllarda hereketleri adaty ýol bilen ýerine ýetirmek talap edilýän hünärleriň ýok bolup gitjekdigini aýdýarlar. 
Bütindünýä ykdysady forumynyň barlaglaryna laýyklykda, maglumatlary girizýän operatorlar, buhgalterler, auditorlar, administratorlar, kätipler, kebşirleýjiler we zawodlaryň işgärleri ilkinjileriň hatarynda işsiz galarlar. Käbir işgärleri eýýäm maşynlar bilen çalyşdylar. Meselem, Hytaýda eýýäm birnäçe ýyldan bäri mobil telefonlary toplaýan zawod hereket edip, onuň işiniň 90 göterimini maşynlar ýerine ýetirýär. Jemgyýetçilik ulaglarynyň sürüjileriniň ornuny hem ýuwaş-ýuwaşdan tehnologiýalar eýeleýär. Meselem, «SberAutoTech» kompaniýasy ýaňy-ýakynda sürüjisiz taksileriň prototipini görkezdi. Şeýle-de barmenleriň, süpürijileriň, hyzmatçylaryň, esgerleriň, hatda fermerleriň arasynda-da robotlara duşmak bolýar.
Ýöne oňat täzelikler hem bar — sanly tehnologiýalara uýgunlaşan täze hünärler hem döreýär. Maglumatlary seljerijiler, emeli aň, awtomatlaşdyrylan okuw, prosesleri awtomatlaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy, programma üpjünçiligi ýaly ulgamlar boýunça alymlardyr bilermenler bolsa geljegiň iň talap edilýän hünärmenleri bolarlar.
Mundan başga-da, hut adamlaryň başarnyklary zerur bolan hünärler hem ýörgünli bolar. Şoňa görä-de, Bütindünýä ykdysady forumynyň barlaglary tankydy pikirlenmäge, seljermäge, meseleleri çözüp bilmäge we işjeň öwrenmäge islegli hünärmenleriň wezipelerine islegleriň artjakdygyny çaklaýar. Şol bir wagtda, strese durnuklylyk we çeýelik hem zerur bolar.

düýn 08:32
4.9k+

Mask kazyýetiň üsti bilen Sem Altmany we Greg Brokmany wezipeden aýyrmak isleýär

Ilon Mask OpenAI we Microsoft kompaniýalary bilen bolýan käzyýet çekişmeleriniň çäginde, OpenAI-yň baş direktory Sem Altmanyň we prezidenti Greg Brokmanyň wezipesinden çetleşdirmek isleýär. Bu barada......

10.04.2026 20:33
2.5k+

Täze Huawei AI Glasses äýnekleri arkaly düşürilen ilkinji surat çap edildi

Huawei kompaniýasynyň sarp ediş harytlary bölüminiň baş direktory He Gan täze emeli aň tehnologiýaly "Huawei AI Glasses" äýnekleriniň kömegi bilen düşürilen ilkinji suraty paýlaşdy....

10.04.2026 11:34
2.2k+

Sony-niň ýolbaşçysy kompaniýanyň esasy rysky bolan wideo oýunlary halamaýar

Wideo oýun pudagy, kino we saz sungaty Sony korporasiýasynyň esasy ösüş güýjüne öwrüldi. Häzirki wagtda bu ugurlar kompaniýanyň umumy girdejisiniň 60%-inden gowragyny üpjün edýär (on ýyl ozal bu görkeziji......

10.04.2026 06:17
6.2k+

Samsung Galaxy S26 hatarynyň bahalaryny 200 dollara çenli arzanlatdy

Samsung kompaniýasy ABŞ-da Galaxy S26 hatarynyň smartfonlarynyň bahalaryny gönüden-göni peseltmek boýunça aksiýa başlatdy. Kompaniýa "trade-in" (ulanylan enjamy täzesine çalşyrmak) maksatnamasyny ulanmazdan,......