BSGG koronawirusa garşy sanjymyň iki gezek almagy maslahat berdi

  • 03.07.2021 17:01
  • 5.6k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy koronawirusa garşy bir sanjymy iki gezek almagy maslahat berýär. Çünki dürli görnüşli sanjym etdirmegiň netijesi entek öwrenilenok. Bu barada BSGG-niň Immunizasiýa departamentiniň başlygy Keýt O’Braýeniň sözlerine salgylanyp, belta.by habar berýär.

Ol ilkinji sanjym britan-şwed kompaniýasy AstraZeneca tarapyndan edilen Pfizer amerikan kompaniýasynyň sanjym dozalary alnan ýagdaýynda, «garyşdyrylan» immunizasiýanyň mümkinçilikleri barada maglumatlaryň bardygyny habar berdi. «Biz şu babatda rugsat edip boljak maslahatlary berip bileris» diýip, O’Braýen aýtdy. 

«Şu ýagdaýdan başga, sanjymlaryň garyşdyrylan grafiginde immun täsirleşmäniň saklanýandygyna, şeýle-de ony ulanmagyň howpsuz bolup biljekdigi hakynda bizde entek maglumatlar ýok» diýip, BSGG-niň wekili düşündirdi. Gözegçilikler dowam edýär, gurama bu baradaky maglumatlary geljek aýlarda alyp bilmäge garaşýar. «Edil häzirki wagtda biz entegem iki doza talap edilen ýagdaýynda, onuň ikisini-de şol bir sanjymdan etdirmegi maslahat berýäris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

         Sanjym edilende koronawirusdan goranmak hereketiniň näme wagt dowa edýändigi hakynda sowala O’Braýen anyk jogap bermän, bu ugurda entek barlaglaryň geçirilýändigini nygtady. Ol COVID-19-a garşy sanjymlaryň diňe bir ýyla golaý mundan ozal işlenip taýýarlanylandygyny ýatladyp, monitoring geçirmek we antitelanyň näçe wagt saklanýandygyny anyklamak üçin wagt gerek boljakdygyny aýtdy.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......