Ýewro-2020: Ispaniýa Şweýsariýany ýeňip, ýarymfinala çykdy

  • 03.07.2021 02:43
  • 5.2k+

2-nji iýulda Şweýsariýanyň milli ýygyndysy Ispaniýa bilen duşuşdy. Ýewropa çempionaty-2020-niň 1/4 final tapgyrynyň bu duşuşygy Sankt-Peterburgdaky «Gazprom Arena» stadionynda geçirildi. Oýnuň esasy hem goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik urgular boýunça ispanlar 3:1 hasabynda üstün çykdylar.

Duşuşykda hasaby 8-nji minutda Ispaniýa açdy. Jordi Albanyň urgusyndan soň şweýsariýaly Deniz Zakariýa topy öz derwezesine sowdy. 58-nji minutda Şerdan Şakiri hasaby deňledi. 77-nji minutda Şweýsariýanyň düzüminde göni gyzyl duýduryşy Remo Froýler aldy. Duşuşygyň esasy hem goşmaça wagty deňme-deňlikde tamamlandy.
11 metrik urgularda Ruben Wargasyň depen pökgüsi şowsuz boldy.
Şeýlelikde, Ispaniýanyň milli ýygyndysy Ýewro — 2020-niň ýarym finalynda Belgiýadan üstün çykan Italiýa bilen duşuşar.


şu gün 13:51
4.4k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......