Russiýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzümine 335 türgen girdi

  • 01.07.2021 13:40
  • 3.1k+

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Russiýadan 335 türgen ugradylar. Bu barada Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň başlygy Stanislaw Pozdnýakowyň sözlerine salgylanyp, smotrim.ru habar berýär.

Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň başlygy Stanislaw Pozdnýakow Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Russiýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzümine 335 türgeniň girendigini habar berdi.

«Edil häzir Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi tamamlandy we onuň  dowamynda Tokioda geçiriljek oýunlara gatnaşjak toparyň düzümi tassyklandy. Toparyň düzümi 335 türgenden ybarat. Biz basketbolçylaryň çykyşlaryna garaşýarys we ýüztutmalary ýaparys» diýip, Pozdnýakow aýtdy.

30-njy iýunda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň adyndan Tokio Olimpiadasynda çykyş etjek türgenler bilen duşuşdy. kremlin.ru saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyk Uly Kreml köşgüniň «Georgiý» zalynda geçirilip, oňa türgenler hem-de olaryň tälimçileri gatnaşdylar.

«Ýaponiýada geçiriljek oýunlar, elbetde, üýtgeşik bolar. Biz guramaçylaryň türgenleriň we tomaşaçylaryň saglygyny goramak üçin ähli zerur bolan çäreleri görjekdiklerini göz öňünde tutýarys. Ýöne mejbury çäklendirmelere we beýleki kynçylyklara garamazdan, siziň her biriňiziň, ähli türgenleriň iň ýokary netijeleri görkezjekdigiňize, mynasyp çykyş edip, öz wepaly janköýerleriňizi begendirjekdigiňize ynanýaryn» diýip, Wladimir Putin aýtdy.


25.07.2025 17:05
17k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

25.07.2025 16:54
5k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

23.03.2025 12:11
8.1k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...

29.01.2025 11:54
14k+

Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi “Rostowyň” oýunçysy boldy

Russiýanyň “Rostow” futbol kluby Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy eýýäm BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda esasy topara...