Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady

  • 30.06.2021 15:02
  • 4.3k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen Liderine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde ýurdy durmuşykdysady taýdan depginli ösdürmäge we halkyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraply işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşler soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny hem-de örän giň gerimli ugurlar boýunça ösýändigini, munuň şeýle bolmagyna dürli derejelerdäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň ynanyşmak we yzygiderli häsiýetiniň ýardam edýändigini nygtadylar.
Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meseläni gozgap, özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Şunuň bilen birlikde, netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, ylym we amaly barlaglar babatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow strategik we uzak möhletli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde Prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly şahsy goşandyny nygtady.


18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......