Amerikaly türgen Maklaflin päsgelçilikli 400 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 29.06.2021 10:45
  • 5.1k+

Amerikaly ýeňil atletikaçy Sidni Maklaflin päsgelçilikli 400 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Tokioda geçiriljek Olimpiada üçin ABŞ-nyň milli ýygyndysyna saýlama ýaryşynda türgen 51,90 sekunt netijäni görkezdi diýip, TASS habar berýär.

Öňki rekordy 2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Dohadaky dünýä çempionatynda amerikan Dalaýla Muhammad (52,16) goýupdy. Maklaflin şonda ikinji orny eýeledi.
Muhammad saýlama ýaryşynda 52,42 sekunt netije bilen ikinji bolup, olimpiýa ýygyndysyna saýlandy. Üçünji orny 53,70 sekunt netije bilen Anna Kokrell eýeledi.
2019-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň kümüş medalyndan başga-da, 21 ýaşly Maklafliniň hasabynda 4x400 metr estafeta ýaryşynda altyn medaly bar.


02.06.2026 17:37
4.9k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.4k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......