Geçen hepde Türkmenistanyň biržasyndaky geleşikleriň bahasy 30 mln dollardan geçdi

  • 28.06.2021 16:03
  • 7.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 30 million 302 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Singapuryň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, Omanyň telekeçileri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownyk däneli hlorly kalini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard  önümleri ýerlenildi.
Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň  wekilleri  jemi 94 million 499 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 1 million 250 müň manada deň boldy.


şu gün 12:22
776

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

şu gün 12:11
2.9k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 18:11
4.5k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....