Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi

  • 28.06.2021 06:26
  • 12k+

27-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.

Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow Gypjak obasyna bardy we bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, kümmete gül çemenini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzyk binasynda gül çemenini goýdy we Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde agaç nahalyny oturtdy.
Şol gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşdy. Sergide nebitgaz pudagynda, energetikada, himiýa senagatynda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, oba we suw hojalygynda, senagat we gurluşyk materiallary pudagynda gazanylan üstünlikler we eksport mümkinçilikleri, şeýle hem hususy kärhanalaryň ýeten sepgitleri görkezildi.
Soňra Sadyr Žaparow türkmen-gyrgyz ykdysady forumyň açylyşyna  gatnaşyp, dabarada çykyş etdi.
28-nji iýunda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçiriler. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň geljekki ösüş meseleleriniň, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......