Formula-1: Maks Werstappen Ştiriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 28.06.2021 06:21
  • 2.1k+

“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Ştiriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Awstriýanyň Şpilberg şäherindäki “Red Bull Ring” awtodromynda geçirildi diýip, TASS habar berýär.

Ikinji orny “Mersedesden” häzirki dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton eýeledi. Üçünji orun onuň topar boýunça ýoldaşy saýlama tapgyrynda ikinji bolan fin Waltteri Bottasa degişli boldy.
“Haasdan” russiýaly Nikita Mazepin iň soňky gelenleriň biri boldy, ol ýaryşy 20-nji orundan başlap, 18-nji orunda tamamlady. Şeýle-de, “Haasdan” nemes Mik Şumaher ýaryşda 16-njy boldy. “Alfa Tauriniň” sürüjisi Pýer Gasli teker meselesi sebäpli pellehanada çykdy. “Uilýamsyň” sürüjisi Jorj Rassell 39-njy aýlawda hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli, ýaryşy dowam etdirip bilmedi.
Werstappen karýerasynda 14-nji we şu möwsümde dördünji ýeňşini gazandy. Ol 156 utuk bilen umumy hasapda öňde barýar. Ikinji Hemilton (138), üçünji – “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres (96). Mazepin utuk gazanmady we ol iň soňkydan öňdäki 19-njy orny, Şumaher meňzeş netije bilen 18-nji orny eýeleýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” (252) lider bolmagyny dowam etdirýär, onuň yzyndan “Mersedes” (212) we “Maklaren” (120) gelýär, “Haas” – iň soňky (0).
Çempionatyň dokuzynjy tapgyry hem 2-nji iýuldan 4-nji iýul aralygynda Awstriýada geçiriler.


05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....