Türkmenistanda iň gowy «Türkmeniň ak öýüni» kesgitlemek boýunça bäsleşigi

  • 26.06.2021 19:45
  • 18k+

«Türkmeniň ak öýleri» welaýatlaryň medeniýet merkezlerine öwrülip, şol ýerlerde ilkinji günlerden drama, sazly opera, balet, sirk, estrada we gurjak toparlaryny döretmek boýunça işleri geçirmek zerurdyr, şeýle hem teatrlaryň, aýdym-saz toparlarynyň, şekillendiriş we amaly sungat studiýalarynyň, beýleki halk hem-de tehniki döredijilik toparlarynyň işini ýola goýmak wajypdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýer M.Mämmedowa ýurdumyzda iň gowy «Türkmeniň ak öýüni» kesgitlemek boýunça bäsleşigi geçirmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şeýle hem şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek döredijilik çäreleriniň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. Çäreleriň maksatnamasy şanly senelere bagyşlanan duşuşyklary, bäsleşikleri, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, onlaýn maslahatlaryny hem-de wagyz ediş çäreleri öz içine alýar.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin dürli sport ýaryşlaryny hem-de bäsleşikleri, milli oýunlary we ösüp gelýän nesli sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek boýunça çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Iýul aýynyň üçünji ongünlüginde Gurban baýramy mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni çäreler geçiriler.

şu gün 15:52
806

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
1.8k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
996

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....