Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy tassyklanyldy

  • 26.06.2021 19:02
  • 9.2k+

Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

 

Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny, çöl ösümliklerini hem-de tokaý zolaklaryny döretmegiň meýilnamasyny kesgitlemek meýilleşdirilýär. Tokaý zolagy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ýurdumyzyň tebigy ekoulgamlaryny we toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, tokaý hojalyklarynda hem-de döwlet tebigy goraghanalarynda ýerleşdiriljek bag nahallarynyň görnüşlerini we möçberlerini, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda taýýarlanyljak kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly ylmy-barlag işlerini hem-de guramaçylyk çärelerini tassyklamak göz öňünde tutulýar.
Bu resminama daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem «Rejelenen görnüşdäki Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

düýn 23:46
461

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....

düýn 19:49
4.4k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

düýn 12:01
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

düýn 11:48
3k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....