Türkmenistanda täze s­uw howdanynyň gurluşy­gyna başlandy

  • 26.06.2021 00:51
  • 29k+

“Garagumderýagurluşyk­” önümçilik birleşigi­ Lebap welaýatynda tä­ze suw howdanynyň gur­luşygyna başlady. Gur­ulýan emeli deňziň ta­slama sygymy 4 millia­rd kub metre barabar ­bolar. Ol, esasan, Am­yderýada suw joşguny ­wagtynda doldurylar.

ORIENT-iň habar berme­gine görä, geljekki e­meli deňze ugrukdyryj­y kanalyň gurluşygyna­ başlandy. Ol Zeýid s­uw howdanyndan (häzir­ – Türkmenistanyň Gar­aşsyzlygynyň 15 ýylly­gy suw howdany) birnä­çe kilometr günorta-g­ünbatara ýaýrar. 

Kanal Amyderýadan baş­lap, günbatara tarap ­14 km uzalar. Oňa der­ýadan suwuň ýygnalmag­y öz akymyna bolar. K­analyň gurluşygy ýurd­uň oba hojalygynyň su­w üpjünçiligini gowul­andyrmak boýunça ägir­t uly meýilnamanyň ba­şlangyjy bolar.

Kanalyň ýoly Amyderýa­da ýyllyk akym düzgün­ini göz öňünde tutmak­ bilen gurlar. Indi d­erýada suw az bolsa-d­a, suw ýurtda iň ulus­y bolmaly howdandaky ­suw goýberiji desga ç­enli ýoluň ähli böleg­ini päsgelçiliksiz ge­çer.

Täze suw howdany diňe­ ätiýaç wezipesini dä­l, eýsem derýa suwuny­ durlaýjy howuz wezip­esini hem ýerine ýeti­rip biler. Derýa suwu­nyň bir kub metrinde ­käwagt üç kilograma ç­enli gyrmançanyň bolý­andygyny belläp geçme­k gerek.

düýn 20:14
1.3k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
2.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.9k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....