Russiýada ýüzi tanamaga ukyply swetofor döredildi

  • 25.06.2021 11:22
  • 13k+

«Rostehiň» Milli maglumat beriş merkezi intellektual funksiýalar bilen üpjün edilen swetofor döretdi. Bu swetofor dürli maglumatlary görkezmäge, şeýle hem ýüzleri tanamaga ukyply diýip, ferra.ru habar berdi.

Bu täze nesil swetoforynda howanyň temperaturasy, ýol şertleri, adatdan daşary ýagdaýlar baradaky duýduryşlar ýaly maglumatlary görkezýän ýagty yşykly LED paneli bar. Mundan başga-da, swetoforda ýüzleri tanamaga ukyply wideo kamera ornaşdyrylan. Bu funksiýanyň ýol hereketiniň düzgünlerini bozanlary hasaba almak üçin gerek bolmagy ähtimal diýip bellenilýär.
Ýakynda bolsa Russiýada pyýadalara swetoforlary elde dolandyrmaga, mysal üçin, ýaşyl yşygyň wagtyny köpeltmäge mümkinçilik berýän programmanyň işlenip düzülýändigi aýdylypdy. Bu programma mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenip, ony şäherlerde 2021-nji ýyla çenli ornaşdyrmak göz öňünde tutulypdy.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......