«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan dilinde tanyşdyryldy

  • 25.06.2021 10:21
  • 2.2k+

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan dilinde neşir edildi. Neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Galli, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tanyşdyrylyş dabarasyna Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Wiçensa şäheriniň meri Françesko Rukko gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen, ol köp sanly daşary ýurtly okyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Azerbaýjan, gruzin, rus, türk, hytaý, ukrain, fransuz we ýapon dillerine terjime edilen neşirleriň üsti italýan diline terjime edilen neşir bilen ýetirildi.
Bellenilişi ýaly, italýan okyjylary türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, durmuş filosofiýasy, däp-dessurlary, parasatly öwüt-ündewleri baradaky öz garaýyşlaryny giňeltmäge ýene bir ajaýyp mümkinçilige eýe boldular. Bu bolsa netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......