Türkmenistan bilen Finlandiýa syýasy maslahatlaşmalary geçirdi

  • 23.06.2021 19:00
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Finlandiýa Respublikasynyň DIM-niň wekilleriniň hem-de Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwalanyň gatnaşmagynda iki döwletiň DIM-niň arasynda türkmen-fin maslahatlaşmalary geçirildi. Maslahatlaşmalar 22-nji iýunda wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler. Döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Şu ýylda şular ýaly saparlary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.   
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegi bellediler.
Şeýle-de Türkmenistan bilen Finlandiýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesine syn berildi. Bu gatnaşyklary ösdürmegiň uly mümkinçilikeriniň bardygyny bellemek bilen, taraplar hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli mehanizmlerini gözlemäge ylalaşdylar.
Mundan başga-da taraplar sebit we owgan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şeýle-de bilim we ylym babatdaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 16:02
877

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......