Hytaýda dogluş bilen bagly çäklendirmäni dolulygyna aýyrmak isleýärler

  • 22.06.2021 19:21
  • 13k+

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň Hökümeti demografiýa syýasatyny üýtgetmek isleýär. Bu barada «The Wall Street Journal» neşirinde habar berilýär.

Biz saýtymyzyň okyjylaryna Hytaýda «bir maşgala — üç çaga» düzgüniniň girizilýändigini ozal habar beripdik. Indi bolsa Pekinde 2025-nji ýyla çenli ilat üçin dogluş bilen bagly çäklendirmäni dolulygyna aýyrmak isleýändikleri barada aýdýarlar. Syýasy ugry üýtgetmegiň esasy sebäbi ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň peselmegi hem-de ilatyň düzüminiň ýoýulmagy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki güne çenli dogluşyň iň pes derejesini Hytaýyň welaýatlarynyň sebitlerinde hasaba alýarlar. Şoňa görä-de, täze düzgünler, ozaly bilen, oba ýerlerinde ýaşaýan ilata degişli bolar.
«The Wall Street Journal» neşiriniň ýazmagyna görä, şu ýylyň maýynda HHR-iň Baştutany Si Szinpin ýokary wezipeli partiýa ýolbaşçylaryna Hytaýyň ilatynyň garramagynyň ýurduň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirýändigini aýtdy we bu meseläni çözmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunlukda, 31-nji maýda Hytaýyň Hökümetiniň ýerli maşgalalara üç sany çaga rugsat berýändigi belli boldy. Ýöne bu çözgüdiň haçandan güýje girjekdigi mälim däl.
Häzir Hytaýda, takmynan, 1,4 milliard adam ýaşaýar. 1979 — 2015-nji ýyllarda ýurtda «bir maşgala — bir çaga» demografik syýasaty durmuşa geçirildi. 2016-njy ýylda ýurduň ýaşaýjylaryna ikiden köp bolmadyk çaga rugsat berildi. 2020-nji ýylyň başynda Hytaýda dogluşyň rekord derejede pese düşmegi bolsa ýurduň Hökümetini dogluş bilen bagly syýasata gaýtadan seretmäge mejbur etdi. Çünki 16 ýaşdan 59 ýaşa çenli işe ukyply diýlip hasaplanýan ilatyň sany azalyp, bir ýylda olaryň sany 890 müň adamdan az boldy. Şonuň bilen birlikde-de, ýurduň ilaty tiz garraýar.


düýn 18:42
2.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......