Hytaýda tölegli robot taksi hyzmaty ösdürilýär

  • 21.06.2021 20:07
  • 11k+

Hytaýda tölegli robot taksi hyzmatyny işe girizmek maksady bilen, «Baidu» kompaniýasy hem-de «BAIC Group» Hytaý döwlet awtomobil kompaniýasy üç ýylyň dowamynda sürüjisiz ulaglaryň müňüsini döreder. Bu barada lenta.ru-nyň maglumatlaryna salgylanyp, trend.az habar berýär.

Apollo Moon awtoulaglary BAIC elektromobilleriniň binýadynda döredilip, Baidu bolsa ony awtomatlaşdyrylan sürme ulgamy hem-de programma üpjünçiligi bilen üpjün eder. Hasaplamalara görä, ulaglar 74 729 dollarlyk bahada öndüriler. Munuň özi sürüjisiz awtoulaglaryň adaty bahasyndan, takmynan, ýarym esse arzandyr.
Kompaniýa Hytaýyň uly şäherinde, şol sanda Şanhaýda eýýäm robot taksilerini synagdan geçirip gördi. «BAIC» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk synag tapgyryndan hyzmatlary köpçülikleýin hödürlemäge geçmek üçin mümkinçilik berer.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......