Täzelik: Android smartfonlarda täze funksiýalar peýda boldy

  • 21.06.2021 19:48
  • 15k+

Şu ýylyň güýzünde köp sanly üýtgeşmeli we funksiýaly Android 12-niň resmi goýberilişiniň bolmagyna garaşylýar. Şol bir wagtda Google eýýämden hemme Android gurluşlar üçin niýetlenen täze funksiýalaryň birnäçesini paýlaşýar. hi-tech.mail.ru olar barada käbir maglumatlary ýetirýär.

Öz çatlarynda goşmaça sahypalara has gowy gözegçilik etmek isleýän adamlar üçin Google özüniň Google Messages mobil goşundysynda aýratyn SMS-leri bellemek mümkinçiligini goşýar. Haçan-da siz SMS habaryny ýyldyzjyk bilen belläniňizde, ol aýratyn bölümde peýda bolar. Şonuň üçin-de indi size her gezek saklap galmak islän anyk suratyňyzy ýa-da salgyňyzy gözlemek üçin tutuş çatyňyzy ýeke-ýekeden geçirip oturmagyň zerurlygy ýok. Google ýyldyzjykly SMS habarlarynyň golaýdaky hepdelerde hemme ulanyjylaryň arasynda ýaýradylyp başlajakdygyny habar berdi.
Täzelenen Android Auto mobil goşundysy bolsa sürüjilere hatda ulaglaryny sürüp barýan wagtynda-da Android-yň esasy mümkinçiliklerinden peýdalanmaga şert döreder. 
Şeýle-de Google ýertitremelerini habar berýän ulgamyna Türkiýe, Filippinler, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly käbir ýurtlary goşup, onuň mümkinçiliklerini giňeltdi. Ýertitremesi bolan ýagdaýynda, Google ulanyjylara onuň öz sebitine haçan gelip ýetjekdigini öňünden habar berer. Biz bu baradaky giňişleýin habary saýtymyzyň okyjylaryna ozal hem ýetiripdik.
Gboard-da Emoji Kitchen ulgamynyň peýda bolmagy bilen, ýazylan zatlaryň manysy bilen gabat gelýän smaýlikleri saýlamaga mümkinçilik dörär. Ýöne bu täzelik entek diňe iňlis, ispan we portugal dillerindäki klawiaturaly Android 6 we ondan ýokary ulgamdaky smartfonlar üçin göz öňünde tutulandyr.

şu gün 10:51
760

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......