Ýewropada şokolad we kofe ýetmezçiligi döräp biler

  • 21.06.2021 19:21
  • 4.5k+

Öndüriji ýurtlarda gurakçylygyň ýokarlanýandygy sebäpli, Ýewropada şokoladyň we kofäniň ýetmezçiligi ýüze çykyp biler. Bu barada «The Guardian» gazetine salgylanyp, Day.Az habar berýär.

«Ýakyn geljekde dünýäniň beýleki künjeklerinde dowam edýän gurakçylyk sebäpli, Ýewropa Bileleşigine belli-belli önümleriň iberilişi kynçylykly ýagdaýda bolup biler. Kofe, kakao, şeker çiňrigi, palma ýagy we soýa noýbasy — bular howanyň üýtgemegine has duýgur import harytlary» diýip, Niderlandlardaky Azatlyk uniwersitetiniň bilermenleri aýdýarlar.

Palma ýagy Ýewropada  köp sanly iýmit we öý harytlarynyň önümçiliginde esasy düzümleriň biri bolup çykyş edýär, soýa noýbasy bolsa towukdyr doňuzlar üçin esasy iýmit önümi hasaplanýar. 
«R2Water Research and Consultancy» toparynyň barlaglaryna görä, Ýewropa dünýäde öndürilýän kofäniň 30 göterimden gowragyny sarp edýär. Öndürilýän we eksport edilýän kofäniň ýarysy bolsa gurakçylyk howpy abanýan Braziliýadan we Wýetnamdan gelýär.  
Ýewropa edil şolar ýaly derejede — 100 göterim Indoneziýadan, Malaýziýadan, Kot-d’Iwuardan we Ganadan getirilýän kakao dänelerine hem garaşly bolup durýar. Bu ýurtlarda bolsa gurakçylyk her ýylda gaýtalanýan hadysa öwrülip barýar.

düýn 20:25
1.9k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......