Türkmen lukmanlary dogabitdi ýürek kemisli çagajyga alyn ýüregara germewiniň deffektiniň plastikasy operasiýasyny etdiler

  • 21.06.2021 19:15
  • 18k+

17-nji iýunda Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň kardiohirurg lukmanlary paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde dogabitdi ýürek kemisligi bolan 2 ýaş 7 aýlyk çagajyga emeli gan aýlanyş şertlerinde alyn ýüregara germewiniň deffektiniň plastikasy operasiýasyny üstünlikli amala aşyrdylar.

Operasiýa geçirilmezinden ozal, Germaniýa Federatiw Resbuplikasynyň Erlangen şäheriniň Fridrih Aleksandr kadiohirurgiýa uniwersitet klinikasynyň ýolbaşçysy, professory Mihael Weýand ýerli hünärmenler bilen sanly lukmançylygyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wideoaragatnaşyga çykmak arkaly tejribe alyşdylar hem-de bejerginiň, operasiýadan soňky ilkinji günleriniň we ýakyn geljek döwrüniň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Lukmanlaryň we çaganyň ejesiniň aýtmagyna görä, çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly, operasiýadan soňky dikeldiş işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Çaga reanimasiýa bölüminden adaty ýatymlaýyn bejergi otagyna geçirildi. Geljekde çaga merkeziň we degişli saglyk öýüniň maşgala hem-de kardiolog lukmanynyň gözegçiliginde bolup, gatnaw şertlerinde dikeldiş bejergilerini alar we nobatdaky barlaglardan geçmegi bilen geljekde sagdyn çagalaryň toparyna kesgitlener.
Ýatlap geçsek, hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara gününde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümine, logoped lukmanyň iş otagyna, kardiohirurgiýa otagyna baryp gördi. Ol ýerlerde çagalar, olaryň ejeleri bilen gürrüňdeş bolup, hal-ýagdaýlary, bejerişiň berýän netijeleri barada gyzyklandy. Şol gezek milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň degişli ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi. Bu tabşyryklar üstünlikli ýerine ýetirildi.
Belläp geçsek, bu operasiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp geçirildi. Milli Liderimiziň tagallalary bilen döredilen bu gazna kömege mätäçlere goldaw bermäge hemişe taýýardyr. Ýakynda dogabitdi ýürek kemisligi bolan çagajyk Amanow Muhammedala geçirilen üstünlikli operasiýa hem biziň bu aýdanlarymyzy doly tassyklaýar.

düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......