Hytaýda koronawirusa garşy 1 milliarddan gowrak sanjym edildi

  • 20.06.2021 20:36
  • 7.5k+

Hytaý lukmanlary sanjym kampaniýasynyň dowamynda ýurduň ýaşaýjylaryna koronawirusa garşy 1 milliarddan gowrak sanjym etdiler. Bu barada HHR-iň Gigiýena we saglygy goraýyş meseleleri boýunça döwlet komitetiniň habarynda aýdylýar. Muny news.mail.ru ýetirýär.

2021-nji ýylyň 19-njy iýunyndaky ýagdaý boýunça, HHR-iň 31 administratiw birliginde täze görnüşli koronawirusa garşy jemi 1,01 mlrd sanjym edildi diýlip, edaranyň saýtyndaky habarda bellenilýär.
Hytaýyň ilatynyň birinji hatarda duran toparlaryna sanjym etmek işi 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda başlandy. Fewral aýynyň ahyryndaky maglumatlar boýunça, HHR-iň häkimiýetleri sanjymy ýurduň 54,52 mln ýaşaýjysynyň arasynda paýladylar. 1-nji aprele çenli 126,6 mln sanjym, 1-nji maýa çenli 270,41 mln, 1-nji iýuna çenli 681,9 mln sanjym edildi.
Öň, HHR-iň abraýly epidemiology Çžun Nanşan häkimiýetleriň iýun aýyna çenli respublikanyň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 40%-ine, ýagny 1,4 milliarddan gowrak adamdan 560 mln adama sanjym etmek meýilnamalary barada habar berdi.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......