Nadal Wimbledon ýaryşyna we Olimpiada gatnaşmaz

  • 19.06.2021 20:40
  • 6.5k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Londonda geçiriljek Wimbledon ýaryşyna we Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaz.  Dünýäniň üçünji raketkasy bu barada öz Instagramynda mälim etdi.

"Wimbledona gatnaşmazlyk kararyna gelendigimi habar bermek isleýärin. Şeýle hem Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaryn"-diýip, Nadal Instagramda ýazdy.

Tennisçi beýle karara gelmegiň özi üçin kyn bolandygyny aýtdy. Şeýle hem: "Ýöne bedenimi diňläp, toparym bilen hemme zady ara alyp maslahatlaşanymdan soň, munuň dogry karardygyna düşündim"-diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Roland Garros bilen Wimbledonyň arasynda bary-ýogy iki hepde barlygy surnukdyryjy möwsüminden soň bedenime dikelmäge mümkinçilik bermeýär"-diýip, tennisçi belleýär. Nadal karýerasyny uzaltmak we bäsdeşlige ukyplylygyň iň ýokary derejesinde çykyş etmek isleýändigini nygtaýar.

Ýeri gelende bellesek, Wimbledon ýaryşy 28-nji iýundan 11-nji iýul aralygynda, Olimpiada bolsa 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriler.


düýn 10:24
1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......