Türkmenistanda ýene-de bäş sany ýokary okuw mekdebi hojalyk hasaplaşygyna geçiriler

  • 19.06.2021 20:11
  • 42k+

Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bilim ministrlikleri 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça işleriň amala aşyrýar. Bu işleriň netijeleri barada wise-premýer G.Müşşikow Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly teklipler barada maglumat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmagyň, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini belledi. Şundan ugur almak bilen, bu ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen, milli we halkara tejribäni öz içine alýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutany döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 06:15
3.1k+

Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebine täze rektorlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy....

düýn 09:46
7.3k+

Gazagystanly okuwçy gyz plastik galyndylaryndan ýol gurmagy teklip edýär

Gazagystanyň Aýagöz şäherindäki 10-njy mekdep-gimnaziýanyň 10-njy synp okuwçysy Aružan Kabdulmaratowa plastik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýol gurluşygynda ulanmagyň täze usulyny hödürledi. Bu barada BAQ.kz......

26.03.2026 13:54
922

Dior we ÝUNESKO zenanlaryň bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy uzaltdy

Dior moda öýi zenanlaryň bilimini goldamaga gönükdirilen Women@Dior maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada karara geldi. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

24.03.2026 17:56
4.1k+

Türkmenistanda «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi

Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» atly gollanma neşir edildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy. Bu atlas Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1570-nji Karary bilen tassyklanan Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi...