Lukman saglyk üçin zyýanly E-goşundylary sanap geçdi

  • 18.06.2021 20:24
  • 12k+

Adamlar e-goşundylaryň saglyk üçin zyýanly diýip pikir etmäge öwrenişipdirler. Bu belli bir derejede dogry hem bolsa, olaryň hemmesi beden üçin howply däl. Bu barada msn.com habar berýär.

"SberZdorowye" hyzmatynyň berhiz lukmany Margarita Makukha haýsy goşundylardan gaça durmalydygyny aýtdy. Olary üç topara bölüp bolar diýip, RIA Nowosti hünärmeniň sözlerini getirýär.
Birinji topar şertli ýagdaýda zyýansyzdyr. Olar ösümlik ekstraktlaryndan we tebigy önümlerden alynýar. Ikinji topar şertli ýagdaýda howpludyr. Olary gereginden artykmaç ulanmak eýýäm zyýanly bolup biler, ýöne gaty gorkar derejede däl. Üçünji topar bolsa bedene ýaramaz täsir edýän howply goşundylardyr.
Hünärmen soňky topara E230 bipenili (margarin, doňdurma, konditer önümçiliginde ulanylýar), E214 etilparabeni (et önümlerinde, piroglarda, peýnirlerde, süýt desertlerinde bolýar) we E103, E105, E111, E121 goşundylaryny degişli edýär.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......