Italiýada 2005-nji ýyldan bäri garyplygyň rekord derejesi hasaba alyndy

  • 18.06.2021 20:07
  • 8.9k+

2020-nji ýylda Italiýada doly garyplyk şertlerinde ýaşaýan adamlaryň sany (ýurduň sebitine baglylykda adam başyna düşýän 569,56 ýewrodan 839,78 ýewro çenli bolan aýlyk girdejisinden pes) 2005-nji ýyldan, ýagny şeýle statistika ýöredilip başlanandan bäri iň ýokary boldy. Bu barada Milli statistika instituty habar berdi diýip, www.banki.ru belleýär.

Şeýlelikde, 2020-nji ýylda Italiýada 5,6 milliondan gowrak adam (umumy sanynyň 9,4%-i) we 2 milliondan gowrak maşgala (7,7%) doly garyplyk şertlerinde ýaşady: bu 2019-njy ýyldaky görkezijilerden degişlilikde, 1,7 göterim nokady we 1,3 göterim nokady ýokarydyr. Otnositel garyplyk şertlerinde (iki adamdan ybarat maşgala üçin 1 001,86 ýewro çykdajydan az) 2,6 milliondan gowrak italýan maşgalasy ýaşady, bu 2019-njy ýyldaky maglumatlar bilen deňeşdirilende 1,3 göterim nokady azdyr.
Maşgalalaryň arasynda doly garyplygyň has ýokary derejesi ýurduň günorta sebitlerinde hasaba alynýar: ol ýerde olar umumy sanynyň 9,4%-dir (demirgazyk sebitlerde – 7,6%, merkezi sebitlerde – 5,4%). 2020-nji ýylda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan 767 müň maşgala doly garyplyk ýagdaýynda boldy (2019-njy ýyldaky görkezijiler bilen deňeşdirilende, 2,2 göterim nokady köp).
Ýatlap geçsek, maý aýynyň ortalarynda Italiýanyň döwlet karzynyň möçberi şu ýylyň mart aýynda nobatdaky rekordy goýdy we ilkinji gezek 2,65 trln ýewrodan geçdi. Şeýle-de, 2020-nji ýylyň jemi boýunça Italiýanyň ykdysadyýeti 8,8-8,9% pese gaçdy.


düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......